Toyota sentýabr aýynda awtomobil önümçiligini 40% azaldar

  • 21.08.2021 01:46
  • 10k+

Nikkei ýapon gazetiniň habar bermegine görä, global çip ýetmezçiliginiň üpjünçilik zynjyryna zarba urmagy sebäpli, Toyota sentýabr aýynda awtomobil önümçiligini 40 göterim azaldar. Brend indiki aýda 900 000-e golaý awtomobil öndürmegi meýilleşdiripdi, ýöne bu görkeziji 500 000-e çenli üýtgedildi diýip, procrossover.ru belleýär.

Indiki aýyň başyndan Toyota birnäçe ýapon zawodynda işleri togtadar we Demirgazyk Amerikada, Hytaýda we Ýewropada önümçiligini azaldar. Bu ägirdiň bäsdeşleri hem çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi haýallatmaga ýa-da wagtlaýyn togtatmaga mejbur bolýarlar.

Pandemiýa başlanandan soň, awtoöndürijiler sargytlary azaltdylar, mikroshema öndürijiler bolsa ünsüni gündelik durmuş elektronikasyna gönükdirdiler, sebäbi adamlar öýde işläp, dynç almak üçin elektronika pul harçlaýardylar. Bu bolsa soň awtomobillere bolan islegiň ýokarlanandygy üçin, awtoöndürijileri kyn ýagdaýa goýdy.

2021-nji ýylyň sentýabr aýy üçin neşir edilen önümçilik meýilnamasyna laýyklykda, önümçiligiň çäklendirilmegi Ýaponiýadaky 15 zawodyň ählisinde Toyota-nyň 28 önümçilik hatarynyň 27-sine täsir eder.

Önümçiligiň azaljakdygy baradaky habar sebäpli, Toyota-nyň paýnamalary 4,7% pese gaçdy diýip, Bloomberg ýazýar.


09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....