Russiýanyň awiakompaniýalary 2035-nji ýyla çenli ýolagçy akymyny 63% ýokarlandyrar

  • 21.08.2021 01:25
  • 8.4k+

Russiýanyň awiakompaniýalary 2035-nji ýyla çenli ýolagçy akymyny 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 63%, 209 mln ýolagça çenli artdyrar. Bu RF-iň 2035-nji ýyla çenli döwür üçin çaklamasy bilen 2030-njy ýyla çenli transport strategiýasynyň taslamasyndan gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylda ýolagçy akymy 147,4 mln, 2030-njy ýylda 177 mln ýolagçy bolar diýlip, resminamada görkezilýär. 2019-njy ýylda awiakompaniýalar rekord mukdarda ýolagçy gatnatdylar. 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli gatnawlar 46%, 69,24 mln ýolagça çenli azaldy.

Russiýanyň awiakompaniýalaryna 2030-njy ýyla çenli 700 döwlet uçary we 430-dan gowrak dikuçar gerek bolar. Uçarlara zerurlyk gatnaw göwrüminiň ýokarlanmagyna garaşylmagy hem-de “ýakyn wagtda ulanylyş möhleti tamamlanjak 800-den gowrak daşary ýurt howa gämilerini çalyşmagyň zerurlygy” bilen baglanyşyklydyr diýlip, strategiýada bellenilýär.

Strategiýa taslamasyndan gelip çykyşy ýaly, “2035-nji ýyla çenli ykdysadyýetiň ösmegi, sebit aragatnaşygynyň ýokarlanmagy, syýahatçylyk zolaklarynyň ösmegi netijesinde ulaglaryň ähli görnüşleri bilen gatnawlaryň artmagynyň dowam etmegine garaşylýar”. Ulag ministrliginiň çaklamasy boýunça, bu wagta çenli demir ýol arkaly uzak aralyga ýolagçy gatnawlary 29%, 150 mln ýolagça, awtomobil gatnawlary 3%, 124 mln ýolagça çenli artar.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.6k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....