«Fitch Ratings» Türkmenistana karz bermäge ukyplylyk reýtingini berdi

  • 20.08.2021 21:07
  • 9.6k+

«Fitch» reýting agentligi Türkmenistana maýa goýum derejesini kesgitleýän karz bermäge ukyplylyk reýtingini berdi. Bu barada reýting agentliginiň saýtynda habar berilýär.

«Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: “B” derejede gysga möhletleýin reýting we «B + durnukly» derejede uzak möhletleýin reýting. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär.

2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň esasy serişdelerine goýlan maýa goýumlarynyň umumy mukdary 10 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, jemi içerki önümiň takmynan 23%-e barabardyr. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatyna görä, maýa goýumlaryň umumy mukdaryndan 60%-den gowragy önümçilik pudagynda taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirildi.
Umumy maýa goýum mukdarynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýokary derejede saklanýar, ýagny takmynan 15%. Häzirki wagtda Türkmenistanda 100-den gowrak ýurtlardan daşary ýurt kompaniýalary maýa goýum işlerini alyp barýarlar. Bu kompaniýalar bir ýarym müňden gowrak maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirýärler.

Türkmenistana berlen bu reýtingler ýurduň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder.

Fitch Ratings Inc, esasan, reýting (baha beriş) agentligi hökmünde tanalýan Amerikan korporasiýasydyr. “Fitch Ratings”, “Standard & Poor’s” we “Moody's” bilen bir hatarda halkara reýting agentlikleriniň “uly üçlügine” girýär.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

şu gün 14:40
1.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......