Türkmenistanyň DIM-i Owganystandaky ýagdaý boýunça Beýannamasyny çykardy

  • 18.08.2021 16:00
  • 22k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ýaýbaňlanyşyny üns merkezinde saklamagyny dowam edýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen tarapy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiriýändigini aýratyn belleýär. Şunlukda Türkmenistan owgan meseleleriniň ähli aýratynlyklarynyň syýasy-diplomatik serişdeleriň hem-de usullaryň ulanylmagy arkaly parahatçylykly çözülmegine berk ygrarly bolmagynda galýar.

Resmi Aşgabat Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär we bu ýurtdaky täze döwlet institutlarynyň ýakyn wagtda hukuk giňişliginde we Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň hemmetaraplaýyn gatnaşmagynda dörediljekdigine ynam bildirýär. 

Owganystanyň hoşmeýilli goňşusy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesi bolan döwlet bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyklykda ýurtda parahatçylygyň, raýat ylalaşygynyň hem-de durnuklylygyň, Owganystanda ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň ýola goýulmagy babatynda owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermeklige gönükdirilen özüniň oňyn işini dowam eder.

 


düýn 22:17
909

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

18.06.2026 09:55
844

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......