Amazon «Nägehanlar dynç alyşda» multfilmini 100 million dollara satyn alýar

  • 18.08.2021 12:03
  • 5.5k+

Sony Pictures Animation studiýasy we Amazon kompaniýasy, takmynan, 100 million dollarlyk şertnamanyň şertlerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Şertnamanyň çäklerinde «Nägehanlar dynç alyşda: Transformasiýa» multfilmi Amazon Prime Video striming hyzmatynyň sanawyna goşular. Bu barada www.kinoafisha.info habar berýär.

Variety-iň habaryna görä, filmiň 1-nji oktýabrda meýilleşdirilen kinoteatrlarda görkezilişiniň yza süýşmegi ähtimal. Koronawirusyň täze "Delta" ştammy bilen baglylykda ýagdaýlaryň agyrlaşmagy we 12 ýaşa çenli çagalar üçin sanjymyň ýoklugy sebäpli, Sony-niň ýolbaşçylary «Nägehanlar dynç alyşda 4» ýaly çagalara niýetlenen filmi çykarmagy täjirçilik taýdan bähbitsiz hasaplaýar. Myş-myşlara görä, kompaniýalar animasiýa lentasy üçin alternatiw paýlama ulgamy barada eýýäm awgust aýynyň başynda pikirlenip başlapdylar.

Şeýle hem, geleşigiň jikme-jikliklerinden habarly çeşmeler Sony Pictures Animation bilen Amazon-yň arasyndaky şertnamanyň multfilmi metbugatda, telewideniýede we Hytaýda ýaýratmak üçin ilkinji hukugynyň bardygyny öňe sürýärler. Ýöne iki kompaniýanyň wekilleri hem entek bu mesele boýunça resmi beýanat bermediler. Ýeri gelende bellesek, «Nägehanlar dynç alyşda» franşizasy 2012-nji ýylda adybir film bilen başlanypdy.


şu gün 13:03
4.7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....