Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy

  • 17.08.2021 12:40
  • 29k+

Rowaýaty boksçy Muhammet Aliniň agtygy Niko Ali Uolş professional ringde özüniň ilkinji söweşini geçirdi. Ýeňiş gazanmak üçin oňa bary-ýogy bir minutdan gowrak wagt gerek boldy. Bu barada sportrbc.ru habar berdi.

Bir minutdan gowrak dowam eden tutluşykda 21 ýaşly Niko Ali Uolş öz watandaşy Jordan Uiks bilen söweşdi. Söweş Katosadaky (Oklahoma ştaty) boks agşamynyň çäginde geçirildi.

“Jadylaýjy çykyş. Babasy bu ýigidiň ony nähili şöhratlandyrýandygyna buýsanardy" diýip, promouter Bob Arum Uolşyň söweşine ýokary baha berdi. 

Jordan Uiks Muhammet Aliniň agtygy bilen duşuşmazdan ozal hem bir gezek ýeňlipdi. Indi onuň hasabynda dört ýeňiş we iki ýeňliş bar.

Ýeri gelende bellesek, Muhammet Ali (asyl ady Kassius Kleý-Kiçi) sportuň taryhynyň iň köp titully boksçylarynyň biridir. Ol agyr agram derejesinde absolýut dünýä çempiony (1964-1966, 1974-1978) we 1966-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medalyň eýesidir.


06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......