Rojer Federer şikes sebäpli US Open-i we möwsümiň galan bölegini sypdyrar

  • 17.08.2021 12:21
  • 2.7k+

Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer ABŞ-nyň Açyk çempionatynda (Us Open) we möwsümiň galan böleginde çykyş etmez. Bu barada ol özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. Ol dyzyny operasiýa etdirmekçidigini we soň gutulmak üçin wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy diýip, REGNUM belleýär.

“Men dyzymy operasiýa etdirmeli. Lukmanlar bilen maslahatlaşdym we olaryň teklibini kabul etdim. Şondan soň men köp aýy sypdyrmaly bolaryn, ýöne munuň dogry karardygyna düşünýärin. Ýene dolanaryn diýip umyt edýärin” – diýip, Federer belledi.

Federer “Wimbledondan” soň korta çykmady, onuň dörtden bir finalynda polşaly Hubert Hurkaçdan ýeňildi. Ondan öň Rojer “Rolan Garrosda” oýnady we 1/8 finala çykdy, ýöne “Wimbledona” taýýarlanmak üçin çykyşyny dowam etdirmekden boýun gaçyrdy.

Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylyň awgust aýynda 40 ýaşan şweýsariýaly tennisçi geçen ýyl dyzyndan iki operasiýa geçirdi we möwsümiň ep-esli bölegini sypdyrdy. Ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşmady.

Rojer Federer iki Uly tuwulga ýaryşynda: “Wimbledonda” (2003 – 2007) we US Open-de (2004 – 2008) yzygider bäş gezek ýeňiji bolmagy başaran taryhda ýeke-täk tennisçidir. Federeriň hasabynda Uly tuwulga ýaryşlarynda 20 ýeňiş bar. 


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......