Dünýäniň awtomobil bazary iýul aýynda ýene pese gaçdy

  • 16.08.2021 19:25
  • 24k+

Iýul aýynyň jemi boýunça täze ýeňil we ýeňil söwda awtomobilleriniň global satuwy ýyllyk hasabynda 6,3% azaldy. Muny LMC Automotive kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Şu ýylyň iýul aýynda dünýäde 6 mln 463 müň ýeňil awtomobil satyldy, bu 2020-nji ýylyň degişli aýynyň görkezijisinden 6,3% azdyr. Şol bir wagtyň özünde, ilkinji ýedi aýyň jemi boýunça bazar oňyn ösüşi görkezdi. Ýanwar aýyndan iýul aýy aralygynda ýeňil awtomobilleriň global satuwy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 22% ýokarlandy.

Iýul aýynyň jemi boýunça awtomobil satuwy boýunça dünýä lideri Hytaý boldy, ol ýerde 1 mln 842 müň awtomobil satyldy. Milli bazarlaryň arasynda satuw möçberi boýunça ikinji orny 1 mln 278 müň awtomobil bilen ABŞ eýeledi.

Geçen aýda Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň awtomobil bazarlary 23,8%, 1 mln 007 müň awtomobile çenli pese gaçdy. Gündogar Ýewropa ýurtlarynda awtomobil satuwy 346 müň birlige (-9,7%) barabar boldy. Günorta Amerikada 193,1 müň awtomobil satyldy (+0,4%). Dünýäniň iň uly awtomobil bazarlarynyň arasynda 371,8 müň awtomobil satuw netijesi bilen Ýaponiýany (-5,2%), Kanadany (155,9 müň awtomobil, -2,2%) we Koreýany (144,6 müň, -10,2%) hem belläp geçmek gerek.

LMC Automotive-iň hünärmenleri satuwyň pese gaçmagyny elektron bölekleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýarlar. Ýarym geçirijileriň ýetmezçilik etmegi dilerleriň ätiýaçlyklarynyň azalmagyna we awtomobil bahalarynyň ýokarlanmagyna getirýär.

şu gün 15:25
2.2k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....

düýn 18:14
3.4k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

15.05.2026 17:45
3.7k+

BMW-niň baş direktory Oliwer Sipse wezipeden gitdi

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň baş direktory Oliwer Sipse wezipesinden gitdi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat relizinde habar berilýär....

15.05.2026 11:08
2.8k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....