Täze Zelandiýanyň suwlarynyň astynda sekizinji yklym ýüze çykaryldy

  • 16.08.2021 17:09
  • 15k+

2017-nji ýylda 11 sany täze zelandiýaly geolog suwuň astynda galan täze yklymy - Zelandiýany tapandyklaryny mälim edipdiler. Ýakynda bolsa alymlar bu çaklamany tassyklaýan subutnamany ýüze çykardylar. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Ilkibaşda barlagçylar Zelandiýany yklym hasap edip bolarmy diýen soragyň üstünde jedelleşýärdiler. Aslynda, ol yklym bolmak üçin zerur bolan ölçegleriň köpüsine laýyk gelýär: anyk kesgitlenen serhetleri, bir million inedördül kilometrden gowrak meýdany, töweregindäki ummanyň hanasyndan ýokarda ýerleşýändigi we has galyň kontinental gatlagy... Şeýle-de bolsa, Zelandiýa bir ölçegde - ýaşy babatda yklym bolmaga laýyk gelmeýärdi. Sebäbi onuň iň gadymy nusgalarynyň ýaşy 500 million ýyl diýlip çaklanylýardy. Bu bolsa beýleki yklymlaryň ýaşynyň Zelandiýanyňkydan, azyndan, iki esse uludygyny aňladýardy.

Ýakynda geçirilen täze barlaglar bu çaklamalaryň nädogrudygyny görkezdi. Gelip çykyşy syrly hasaplanýan, suwuň astynda galan yklymyň bir bölegi geologlaryň çak edişinden iki esse gadymy bolup çykdy. Täze zelandiýaly barlagçylaryň biri indi özüniň aýratyn yklymda ýaşaýandygyna şübhelenmeýändigini belleýär.

Gipotetiki yklymyň köp böleginiň, takmynan, 94 göteriminiň Ýuwaş ummanynyň suwlarynyň astynda ýerleşýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.


27.05.2025 13:18
5.3k+

Täze Zelandiýa başlangyjy kosmos uçuşlary üçin niýetlenen gaýtadan ulanylýan raketoplany satyp başlady

Täze Zelandiýanyň Dawn Aerospace kompaniýasy uçarmansyz, gaýtadan ulanylýan Aurora raketoplany üçin sargytlary kabul edip başlady. Apparat kosmosa az mukdardaky ýüki çykarmak üçin niýetlenendir diýip, Space News habar berýär...

22.06.2024 19:10
7.6k+

Täze Zelandiýada iň gadymy deňiz hažžygynyň galyndylary tapyldy

Täze Zelandiýada Günorta ýarymşarynyň deňiz süýrenijileriniň ähli galyndylaryndan 40 million ýyl uly bolan notozawryň galyndylary tapyldy. Tapyndynyň 40 ýyl mundan ozal tapylandygy bellenip geçilýär, ýöne onuň...

19.10.2021 18:21
4.4k+

Dünýädäki ilkinji agaç hemrasynyň uçurylyşy yza süýşürildi

Dünýädäki ilkinji agaç hemrasy WISA Woodsat-yň Ýeriň orbitasyna uçurylyşy agajy gaýtadan işleýän UPM kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň ahyryndan 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna süýşürildi. Bu barada kompaniýanyň...

şu gün 14:48
1.5k+

ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda

ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär...