Messiniň gözýaşyny süpüren kagyz desmaly 1 million dollara satylýar

  • 15.08.2021 09:35
  • 34k+

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň «Barselonadan» gidýändigi mynasybetli geçirilen metbugat ýygnagynda gözýaşyny süpüren kagyz desmaly 1 million dollara satylýar. Mercado Libre söwda platformasynda şeýle bildiriş peýda boldy diýip, championat.com habar berdi.

8-nji awgustda Messi metbugat ýygnagynda giriş sözüni aýtmak isledi, ýöne gözýaşlaryny saklap bilmedi. Argentinaly ýyldyzyň özüni ele almagy üçin birnäçe minut gerek boldy. Köşeşiberende bosla futbolçy kagyz desmal bilen gözýaşyny süpürdi.

10-njy awgustda Messi "PSŽ" bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligini öz içine alýar. Şondan bäş gün öň "Barselona" 34 ýaşly oýunçy bilen şertnamany uzaltmajakdyklaryny habar berdi. Munuň özi Ispaniýanyň ligasynyň düzgünlerinde görkezilen maliýe we gurluş päsgelçilikleri bilen baglanyşykly diýip, çeşme belleýär.


13.06.2026 12:33
5.5k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

10.06.2026 10:53
9.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

08.06.2026 16:49
9.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....