Adidas Reebok-y 2,1 mlrd ýewro satmak barada şertnama baglaşdy

  • 14.08.2021 09:22
  • 6k+

Germaniýanyň sport aýakgaplaryny we egin-eşiklerini öndüriji konserni Adidas golçur kärhanasy bolan Reebok-y brendleri dolandyrmak boýunça Authentic Brands Group amerikan kompaniýasyna 2,1 mlrd ýewro çenli baha satmak barada şertnama baglaşandygyny habar berdi. Bu barada Adidas-yň beýannamasynda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

“Adidas Reebok-y Authentic Brands Group-a jemi 2,1 mlrd ýewro çenli baha satmak barada gutarnykly şertnama baglaşandygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde pul serişdeleriniň köp bölegi şertnama ýapylandan soň nagt görnüşinde töleniler, galan böleginiň öwezi möhleti yza süýşürilen şertli töleg bilen doldurylar” – diýlip, habarda aýdylýar. Şertnamanyň 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde jemlenmegine garaşylýar. Adidas şertnama ýapylandan soň geljek pul serişdeleriniň esasy bölegini paýdarlary bilen paýlaşmagy meýilleşdirýär. 

“Reebok Adidas-yň möhüm bölegidir we biz brendiň hem-de onuň arkasynda duran toparyň kompaniýamyza goşan goşantlary üçin minnetdardyrys. Biz eýesi üýtgedilenden soň, Reebok brendi uzak möhletleýin üstünlik üçin gowy mümkinçiliklere eýe bolar diýip hasaplaýarys” – diýip, Adidas-yň baş direktory Kasper Rorşted belleýär.

Adidas Reebok-y 2006-njy ýylda satyn aldy. 2016-njy ýylda Reebok pozisiýasyny dikeltmek meýilnamasyna başlady we şonuň netijesinde özüniň ösüş mümkinçiliklerini we girdejililigini ep-esli gowulandyryp bildi.


30.04.2026 20:03
5.7k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

20.04.2026 14:51
2k+

Kith we adidas 70-nji ýyllaryň nysagyndan ruhlanýan täze toplum hödürlediler

«Kith» we «adidas Originals» brendleri 1970-nji ýyllaryň moda dünýäsinden ylhamlanyp, bilelikde täze toplum çykardylar. Bu kolleksiýa öz içine «BW Army», «Samba» we «Japan» ýaly meşhur görnüşleriň......

15.04.2026 14:39
2.4k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

08.03.2026 17:52
4.2k+

Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar...