2022-nji ýylda Ronaldu Mbappeniň ornuny çalşyryp biler

  • 13.08.2021 17:10
  • 22k+

«Pari Sen-Žermeniň» prezidenti Nasser Al-Helaifi bir hüjümçini beýleki bir hüjümçä çalşyrmagy meýilleşdirýär.

AS neşiriniň habar bermegine görä, “PSŽ” Mbappeniň şertnamasynyň möhletini uzaltmajakdygyna we “Realda” oýnamak isleýändigine düşünýär, ýöne klub ony şu tomus Madridiň klubuna satmaz we 2022-nji ýylyň tomsuna çenli garaşar. Bir ýyldan Kilianyň erkin agent hökmünde Madridiň “Realyna” goşulmagyna garaşylýar diýip, championat.com belleýär.

Mbappeniň deregine “PSŽ-niň” ýolbaşçysy şol wagta çenli “Ýuwentus” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanýan Kriştianu Ronalduny görmek isleýär. 36 ýaşly portugaliýaly oýunçy eger ýol harçlaryny we agent töleglerini hasaba almasaň, topara mugt geçer. “PSŽ-e” geçen ýagdaýynda hüjümçiniň şertnamasy iki ýyla niýetlener diýlip çak edilýär.

Bellenilişi ýaly, Al-Helaifi üçin Neýmary, Ronalduny we Lionel Messini bir toparda ýygnamak hemişe arzuw bolupdy. 

10-njy awgustda 34 ýaşly Messi “Barselonadan” erkin agent hökmünde gidenden soň, “PSŽ-niň” oýunçysy boldy.


13.06.2026 12:33
5.5k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......