Jonni Depp San Sebastiandaky film festiwalynyň iň ýokary baýragyna mynasyp bolar

  • 12.08.2021 22:35
  • 3.8k+

Holliwudyň meşhur ýyldyzy Jonni Depp kino älemindäki goşandy üçin San Sebastiandaky film festiwalynyň iň ýokary baýragyny - "Donostiýa" baýragyny alar. Bu barada kulturomania.ru habar berdi.

"Häzirki zaman kinosynyň iň zehinli we köpugurly aktýorlaryndan biri bolan Jonni Depp 22-nji sentýabrda 69-njy San Sebastian film festiwalynyň çäginde Kursaal zalynda "Donostiýa" baýragyny alar" diýip, film festiwalynyň web sahypasy emin agzalarynyň sözlerini getirýär.

Geçen ýyl San Sebastian film festiwalynda Jonni Depp bilen režissýor Julýen Templ “Şeýn Makgowan bilen ýene bir gezekden” atly dokumental filmi tanyşdyrypdylar.

San Sebastian film festiwaly 1953-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Görkezişiň iň ýokary baýraklary - iň gowy film üçin berilýän "Altyn balykgulak", iň oňat aktýor, aktrisa we režissýor üçin berilýän "Kümüş balykgulak", şeýle hem Donostiýa baýraklary hasaplanýar. Ondan öň bu baýraga Emili Uotson, Sigurni Uiwer, Itan Houk, Monika Belluçi we başgalar mynasyp bolupdylar.

04.03.2026 15:33
1.6k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

02.03.2026 16:04
1.1k+

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...

27.02.2026 11:50
6.6k+

Içi görünýän köwüşler — 2026-njy ýylyň täze trendi

2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler...

26.02.2026 05:32
2.9k+

Alýumin bägül, goňur wafli... Jacquemus we Nike üýtgeşik reňkli krossowkalary hödürleýär

Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...