Türkmenistanda Ýaragly Güýçleriň täze binalary açyldy

  • 12.08.2021 11:06
  • 22k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdyÝurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gämini dürbi arkaly gözden geçirdi.

Soňra döwlet Baştutany harby bölümiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylaryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby-Deňiz Güýçleriň täze harby bölüminiň çäklerinde esgerler ýatakhanasy, naharhana, ammar, dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de ýyladyş we salkynlaşdyryş ulgamlary bilen degişli derejede üpjün edilen jaý bar.

Iň täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen üpjün edilen okuw binasy hem göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem harby bölümiň çäginde ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň häzirki zaman usullaryny özünde jemleýän çagalar bagy hereket edýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň çäginde iki sany 3 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ýaş serkerdelere niýetlenen 2 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar.


düýn 10:55
5.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......