Amerikaly ýazyjy Stiwen King koronawirus pandemiýasy barada kitap ýazmagy göz öňünde tutýar. Bu barada ol The View tok-şou ýaýlymynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.
“Men gönüden-göni koronawirus barada gürrüň berýän kitaby ýazmak isleýärin. 2020-nji ýylyň wakalaryny alyp, olaryň romanda nähili şöhlelenjekdigini görmek isleýärin. Bu aňsad-a bolmaz” – diýip, ýazyjy belleýär.
Şeýle-de, King pandemiýanyň 2021-nji ýylyň awgust aýynda neşir edilen «Billi Sammers» detektiw romanynyň ýazylmagyna-da täsirini ýetirendigini belläp geçdi. Kitapdaky wakalar 2020-nji ýylda bolup geçýär. Sýužet boýunça gahrymanlar kruize gidýärler, ýöne 2020-nji ýylda koronawirusa garşy girizilen çäklendirmeler sebäpli bu mümkin bolmaýar, şonuň üçin ýazyjy eseriň hakykata ýakyn bolmagy üçin wakalary 2020-nji ýyldan 2019-njy ýyla geçirmeli bolýar.
Stiwen King tas 350 mln nusgada ýaýradylan 50-den gowrak romanyň awtorydyr. Onuň ilkinji «Kerri» romany 1970-nji ýyllaryň ortalarynda peýda bolýar, onuň yzyndan meşhurlyk getiren «The Shining» romany çykýar. 2003-nji ýylda ol amerikan edebiýatyna goşan goşandy üçin Milli kitap gaznasynyň medalyna mynasyp bolýar, 2014-nji ýylda sungatda gazanan üstünlikleri üçin Milli medal bilen sylaglanýar.