Halkara düzümleri COVID-19 sanjymlaryny elýeterli etmek üçin tagallalaryny birleşdirýär

  • 10.08.2021 08:10
  • 6.2k+

Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky Topary, Bütindünýä saglgy goraýyş guramasy we Bütindünýä söwda guramasy COVID-19 ýokanjyndan sanjymlaryň, terapewtiki we anyklaýyş serişdeleriň elýetliligini çaltlandyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Munuň üçin esasy halkara düzümleri köptaraplaýyn maliýe we söwda çözgütlerini ulanmagy meýilleşdirýärler. Bilelikdäki başlangyjyň çäklerinde COVID-19 ýokanjyndan sanjymlaryň terapewtiki we anyklaýyş serişdeleriň eltilişine hökümetler hem-de ählumumy we ýerli derejelerinde gözegçilik ediler, utgaşdyrylar.

Guramalar 2021-nji ýylyň ahyryna her ýurtda adamlaryň azyndan 40% we 2022-nji ýylyň ortasyna azyndan 60% sanjym etmegi maksat edinýärler.

Bilermenlerden ybarat bolan maksatlaýyn topar sanjymlaryň terapewtiki we anyklaýyş serişdeleriň maliýeleşdirilişindäki kemçiliklere gözegçilik edip, olary düzetmek boýunça maslahatlar bererler. Topar olary eksport we import etmekde päsgelçilikleri aradan aýyrmak arkaly COVID-19 ýokanjyndan sanjymlaryň öndürilişini we iberilişini artdyrmaklygyň wajyplygyny goldaýar. Meselem, önümçilik mümkinçiligini maliýeleşdirmek we güýçlendirmek üçin bileleşik dörediler. Bilermenler 2021-nji ýylyň dowamynda ösýän ýurtlara 1 milliard sanjymlary bermäge çagyrýarlar.

Topar ýurduň sanjymlara taýýarlygy, talaplary, şertnamalary we iberilişi barada maglumatlary alşar.


26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......