Amazonyň sanjym alan işgärleri 1,6 mln dollar baýrak gazanyp biler

  • 11.08.2021 09:49
  • 6.2k+

Amazon koronawirusa garşy sanjym alan işgärleriniň arasynda baýrak goýýar. Ýeňijilere umumy bahasy 1,6 million dollar bolan awtoulaglar, ýollanmalar we pul baýraklary ýaly dürli baýraklar garaşýar diýip, "Bloomberg" habar berýär.

Bu aksiýanyň kömegi bilen kompaniýa mümkin boldugyça köp işgärini COVID-19 sanjymy bilen üpjün etmek isleýär. Häzirki wagtda “Amazon”-da 1,3 milliondan gowrak adam işleýär. Şeýle-de bolsa, ýolbaşçylar hökmany sanjymy ýola goýmaga howlukmaýarlar, sebäbi olar işgärleriň tankytlaryndan we biwagt işden çykmalaryň ýüze çykmagyndan gorkýarlar.

“Max Your Vax” kampaniýasynyň çäklerinde sekiz sany pul baýragy - 2 sany million dollar we 6 sany 100 müň dollar göz öňünde tutulan. Mundan başga-da, Amazonyň koronawirusa garşy sanjym edilen işgärleriniň arasynda baýrak hökmünde bäş sany awtoulag we şypahana ýollanmasy goýlar. Baýraklara onlaýn-satyjynyň ammarlarynyň we sortlaýyş merkezleriniň, “Whole Foods” dükanlar zynjyrynyň, şeýle hem milliarder Jeff Bezosyň eýeçiligindäki kompaniýalaryň işgärleri  dalaş eder.


düýn 18:05
2k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......