Aýdymçy Rianna “Forbesiň” milliarderler sanawyna goşuldy

  • 07.08.2021 12:32
  • 15k+

“Forbes” amerikan žurnaly aýdymçy Riannany milliarderleriň sanawyna goşdy. Onuň baýlygy 1,7 mlrd dollar bilen bahalandyryldy – bu Opra Uinfriden soň (telealypbaryjynyň baýlygy 1 mlrd dollar köp) şou-biznesdäki zenan maşgala degişli iň uly mukdardyr diýip, daily.afisha.ru belleýär.

Rianna resmi taýdan dünýäniň iň baý aýdymçysy boldy diýip, neşir belleýär. Ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 1174-nji orny eýeledi. Neşiriň maglumatlaryna görä, aýdymça girdejiniň esasy bölegini aýdym-saz däl-de, onuň biznes taslamalary getirdi.

50%-i artiste degişli bolan Fenty Beauty kosmetika kompaniýasy oňa 1,4 mlrd dollar girdeji getirdi. Savage x Fenty brendi onuň baýlygynyň üstüne ýene 270 mln dollar goşdy. Şeýle-de, kinoda surata düşmek hem Rianna ep-esli girdeji getirýär.

Geçen hepde Rianna Fenty Beauty lineýkasynyň giňeldilýändigini, oňa parfýumeriýanyň hem goşulýandygyny habar berdi. Ilkinji hoşboý ysy parfýumer Žak Kawalýe-Belltrýu döretdi.

düýn 22:05
1.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.5k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......