MA ýurtlarynyň Ykdysady forumynyň çäklerinde 85 sany resminama gol çekildi

  • 07.08.2021 06:50
  • 6.1k+

6-njy awgustda «Awaza» Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi.

Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Foruma sebitiň ýurtlarynyň döwlet we hususy pudagynyň, halkara hem-de sebit maliýe institutlarynyň wekilleri hem göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Nobatdaky Forumyň esasy maksady sebitde maýa goýum şertleriniň hemmetaraplaýyn gowulandyrylmagy hem-de ýurtlaryň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryna maýa goýumlaryň çekilmegi, şeýle-de innowasiýalar, himiýa senagaty, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça pikirleriň alyşylmagy hem-de olar boýunça derwaýys çözgütleriň kabul edilmegi boldy.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika we himiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça tematiki maslahatlar geçirildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumynyň Jemleýji resminamasyny kabul etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurtlaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, şeýle-de özara hereketletiň dürli ugurlary boýunça ylalaşyklaryň 85-ni özünde jemleýän ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi.

Geçirilen çärelerden soňra Foruma gatnaşan wekiller MA ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi bilen tanyş boldular, sebitiň ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalyna bardylar, soňra MA ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabalary konsertine gatnaşdylar.


17.01.2026 08:43
3.8k+

Serdar Berdimuhamedow SPECA hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H...

12.01.2026 18:07
2.6k+

Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy...

21.12.2025 12:36
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny tamamlady

20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Tokio şäheriniň Haneda halkara howa menzilinden ýurdumyza ugrady. Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy...

21.12.2025 12:25
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitinde eden çykyşynda birnäçe möhüm teklipleri beýan etdi. Hususan-da, döwlet Baştutany öz çykyşynda Türkmenistanyň...