Gonkongyň häkimiýetleri şu ýyl ykdysadyýetiň 5,5%-den gowrak ösmegine garaşýarlar

  • 04.08.2021 01:16
  • 1.9k+

Gonkongyň şu ýyl ykdysady ösüş depgininiň ilkibaşdaky resmi çaklamalardan ýokary bolup, 5,5%-den geçmegine garaşylýar. Bu barada HHR-iň bu ýörite administratiw sebitiniň maliýe meseleleri boýunça sekretary (ministr) Pol Çan habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Biziň häzirki çaklamalarymyza görä, ýyllyk ykdysady ösüş fewral aýyndaky býujet habarynda aýdylan 3,5-5,5% aralygyndaky ösüşden has ýokary bolar” – diýip, “The Standard” gazeti döwlet işgäriniň sözlerini getirýär. Ol gaýtadan gözden geçirilen çaklamanyň awgust aýynyň ortalarynda hödürlenjekdigini aýtdy.

Geçen anna güni ilat ýazuwy we statistika departamenti Gonkongyň ikinji çärýegiň jemi boýunça JIÖ-niň ýyllyk aňlatmasynda 7,5% ýokarlanandygyny habar berdi. Birinji çärýekde bu görkeziji 8%-e ýetdi.
Gonkongyň ykdysadyýeti 2019-njy ýylyň güýzünden hökümete garşy geçirilen köpçülikleýin nägilelikleriň, şeýle-de ABŞ bilen HHR-iň arasyndaky söwda gatnaşygynyň dartgynlaşmagynyň netijesinde çökgünlik ýagdaýyna düşdi. Pandemiýa hem söwda, jemgyýetçilik iýmiti, syýahatçylyk pudaklaryna täze zarba urdy. 2020-nji ýylyň jemi boýunça JIÖ-iň pese gaçyşy 6,1%-e ýetdi, ýöne şu ýylyň başyndan çökgünlik döwri tamamlandy.
Bu ýörite administratiw sebitiň ykdysadyýetiniň esasyny JIÖ-iň göwrüminiň 93%-ini emele getirýän hyzmatlar pudagy düzýär.


şu gün 14:40
1.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......