ABŞ-ly suwda ýüzüjiler Tokiodaky Olimpiadasynda dünýä rekordyny goýdy

  • 02.08.2021 08:52
  • 2.9k+

ABŞ-nyň erkek ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 4x100 metr aralyga ýüzmek boýunça kombinirlenen estafetada dünýä rekordyny goýup, ýeňiş gazandy. 

Raýan Mýorfi, Maýkl Endrýu, Kaleb Dressel we Zak Eppl ýaryşy 3 minut 26,78 sekuntda tamamlady. Olar ikinji orny eýelän Beýik Britaniýanyň türgenlerinden 0,73 sekunt öňde boldular. Bürünç medaly bu aralygy 3 minut 29,17 sekuntda geçen Italiýanyň milli ýygyndysy aldy.


düýn 12:10
4.1k+

Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...

düýn 02:13
15k+

«Sen Amerika gerek!»: Tramp Ronalduny «iň beýik» diýip atlandyrdy we ony ABŞ-a çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu täsirli wideoýazgy arkaly ýüzlendi. Bu barada «Marca» neşiri habar berýär. Prezident özüniň «X» we «TikTok» sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda Ronaldunyň we özüniň gatnaşmagynda döredilen, eýýäm internetde meşhurlyk gazanan emeli aň (AI) wideosyny paýlaşdy...

21.02.2026 10:38
1.6k+

Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler...

17.02.2026 20:42
7.4k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi...