Ispaniýaly Karrenýo-Busta Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal üçin oýunda Jokowiçi utdy

  • 01.08.2021 15:15
  • 3.7k+

Ispaniýaly tennisçi Pablo Karrenýo-Busta Olimpiýa ýaryşynyň bürünç medaly üçin oýunda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 6:4, 6:7 (6:8), 6:3 hasabynda 30 ýaşly ispaniýaly türgeniň peýdasyna tamamlandy. 

Karrenýo-Busta turnir jedwelinde altynjy belgi bilen ýerleşdirildi. Jokowiç birinji belgidedi.
Jokowiç 34 ýaşynda, ol Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde (ATP) birinji orny eýeleýär. Iýul aýynda ol yzygider üçünji gezek “Wimbledon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 20-nji titula eýe bolmak bilen, bu görkeziji boýunça ispaniýaly Rafael Nadal hem-de şweýsariýaly Rojer Federer bilen deňleşdi. Ol dokuz gezek Awstraliýanyň Açyk çempionatynda, alty gezek “Wimbledonda”, üç gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynda we iki gezek Fransiýanyň Açyk çempionatynda ýeňiji boldy. Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda jemi 85 ýeňşi bar. Şeýle-de, ol Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň (2008) bürünç baýrakçysydyr.
Karrenýo-Busta dünýä reýtinginiň 11-nji setirinde ýerleşýär. Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda alty ýeňşi bar. “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ol iki gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (2017, 2020) ýarym finalyna çykdy.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....