Awgust aýynda kofeniň bahasy gymmatlar. Näme üçin?

  • 31.07.2021 13:22
  • 19k+

Awgust aýynda kofeniň bahasy 10-12 göterime çenli ýokarlanyp biler. Braziliýada tas bir ýyllap dowam eden gurakçylykdan soňra howanyň temperaturasynyň adatdan daşary ýagdaýda pese düşmegi sebäpli, önümi iberijiler onuň bahasyny gymmatlatmagy göz öňünde tutýarlar. Çünki Braziliýada dänäniň hasyly ýyldan-ýyla 30 göterime çenli peselýär.

Kommersant.ru-nyň ýazmagyna görä, dünýä bazarynda kofeniň dänesiniň bahasy 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijä deň boldy. Eksport edijiler çig malyň bahasy bilen birlikde, ony gaplamak üçin ulanylýan serişdeleriň we logistika hyzmatlarynyň hem ýokarlanandygyna salgylanýarlar.
Braziliýa dünýäniň kofe dänelerini öndüriji we eksport ediji iri döwletidir. Soňky ýüzýyllykda iň güýçli gurakçylykdan soňra, bu ýurt iýul aýynda adatdan daşary doňakçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Temperaturanyň pese düşmegi ýurduň kofe öndürýän esasy üç sebitinde — Parana, San-Paulu we Minas-Žeraýs ştatlarynda bolup geçdi. Uvenco döwlet kompaniýasynyň baş direktory Arwidas Alutis bu ýagdaýyň Braziliýada ýylyň-ýylyna kofe däneleriniň hasylynyň 30 göterime çenli peselmegine getirip biljekdigini aýdýar.  
Onuň bellemegine görä, koronawirus pandemiýasy hyzmatçy işgärleriň ýetmezçilik etmegine, logistiki kynçylyklara we ýükleri ýüklemekde bökdençliklere getirdi. Netijede, dünýä bazarynda kofe däneleriniň bahasy iýul aýynda tas iki esse ýokarlandy. Meselem, 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri Nýu-Ýork söwda biržasynda kofeniň arabika görnüşiniň bahasy 24-nji iýulda funtda 2 dollardan hem ýokary boldy. Bir aý mundan ozal onuň bahasy funtda 1,57 dollara barabardy.


27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

17.03.2026 18:15
2.7k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

05.02.2026 18:18
2.2k+

Walmart bazar bahasy bir trillion dollara ýeten taryhda ilkinji bölek söwda ulgamy boldy

Walmart amerikan kompaniýasy bazar kapitalizasiýasy 1 trillion dollara ýeten dünýäde ilkinji bölek söwda ulgamy boldy. Ýaňy-ýakyna çenli «trillionçylar» toparyna diňe tehnologiýa ägirtleri giren bolsa, indi bu kluba dünýäniň iň iri oflaýn-reteýleri hem goşuldy diýip, Reuters habar berýär...

31.01.2026 14:33
7.7k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...