Amerikaly Lidiýa Ýakobi 100 m aralyga brass usulynda ýüzmekde Oýunlaryň altyn medalyny gazandy

  • 28.07.2021 14:45
  • 1.3k+

Amerikaly Lidiýa Ýakobi 1 minut 04,95 sekunt netije bilen Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça final ýaryşynda ýeňiş gazandy.

Ikinji orny GAR-yň wekili Tatýana Şýonmeýker (+0,27), üçünji orny başga bir amerikaly, bu aralyga ýüzmekde 2016-njy ýylyň Olimpiýa çempiony Lilli King (+0,59) eýeledi. Russiýaly Ýewgeniýa Çikunowa dördünji orny, Ýuliýa Ýefimowa bäşinji orny eýeledi.
Ýakobi bilen Şýonmeýker üçin bu medallar Olimpiýa oýunlarynda ilkinji boldy. King iki gezek Olimpiýa çempiony we ýedi gezek dünýä çempionydyr. 16 ýaşly Çikunowa ençeme gezek Russiýanyň çempiony boldy. 2021-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda ol kombinirlenen estafetada kümüş medal gazandy.


10.05.2026 12:29
3.8k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

09.05.2026 06:34
4.1k+

FIFA dünýä çempionaty wagtynda ABŞ-ndaky stadionlaryň atlaryny üýtgeder

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek Milli futbol ligasynyň (NFL) stadionlarynyň atlary wagtlaýynça üýtgediler....

11.04.2026 11:48
8.1k+

Dana Waýt UFC-niň Ak tamda geçmeli turnirine päsgel berýän mesele hakda aýtdy

2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamyň Günorta meýdançasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän UFC Freedom 250 turniri, diňe bir promouşeniň däl, eýsem tutuş sport taryhyndaky iň uly we täsirli wakalaryň biri......

06.04.2026 16:13
3.3k+

19 ýaşly basketbolçy NBA-nyň taryhynda ilkinji gezek 50-den köp utuk toplady

“Dallas Maweriks” toparynyň täze gelen 19 ýaşly hüjümçisi Kuper Flegg NBA-nyň taryhynda bir oýunda 50 ýa-da ondan hem köp utuk gazanan iň ýaş oýunçy boldy. Ol möwsümiň dowamynda “Orlando Mäjik” toparyna garşy......