Polina Gurýewa Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny alyp berdi

  • 27.07.2021 14:20
  • 95k+

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewa ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy.

21 ýaşly türgen Tokio Olimpiadasynda agyr atletika boýunça 59 kg agrama çenli ýaryşlarda kümüş medala mynasyp boldy. Polina Gurýewanyň görkezen umumy netijesi 217 kg boldy (96 kg silterläp götermek + 121 kg itekläp götermek).
Bu agram derejede ýaryşda altyn medaly Hytaý Taýpeýinden Go Sinçjou eýeledi - 236 kg (103+133). Bürünç medaly Ýaponiýanyň wekili Mikiko Ando aldy - 214 kg (94+120).

TmCars.info-nyň adyndan watandaşymyzy bu üstünligi bilen gutlaýarys we indi çykyş etjek türgenlerimize üstünlik arzuw edýäris.


21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
22k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.6k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......