Ýaponiýaly Ono 73 kg çenli agramda dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

  • 27.07.2021 13:31
  • 3.4k+

Ýaponiýaly dzýudoçy Sýoheý Ono Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 73 kg çenli agram kategoriýasynda final tutluşygynda Gruziýanyň wekili Laşa Şawdatuaşwilini ýeňdi. Bürünç medallara Sogbaatar Send-Oçir (Mongoliýa) we An Çan Lim (Günorta Koreýa) mynasyp boldy.

29 ýaşly Ono iki gezek Olimpiýa çempiony boldy, mundan öň ol 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Oýunlarda altyn medal gazanypdy. Şeýle-de, onuň hasabynda dünýä çempionatlarynda alty ýeňşi bar.
Şawdatuaşwili 29 ýaşynda, geçen Oýunlarda ol bürünç medala mynasyp bolupdy. Mundan öň gruziýaly türgen 66 kg çenli agram kategoriýasynda çykyş edýärdi, şonda ol 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiadada ýeňiji boldy. Ol iki gezek dünýä çempiony we üç gezek Ýewropa çempionydyr.
Ýaponiýanyň milli ýygyndysy ýedi altyn, bir kümüş we üç bürünç medal bilen umumy sanawda ikinji orna çykdy. Sanawda ABŞ-nyň milli ýygyndysy (7-3-4) öňde barýar, üçünji orny Hytaýyň topary (6-3-6) eýeleýär. 


05.05.2025 15:19
4.9k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

06.04.2025 16:09
1.9k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...

30.01.2025 23:05
3.9k+

Ýaponiýaly snoubordçy dünýäde ilkinji bolup 6,5 öwrümli böküşi amala aşyrdy

19 ýaşly ýaponiýaly snoubordçy Hiroto Ogiwara dünýäde ilkinji bolup 2340 gradus (6,5 öwrüm) aýlawly böküşi amala aşyrdy. ABŞ-nyň Aspen şäherinde geçirilen X Games ýaryşynda big-eýr dissiplinasynda dünýä rekordyny...

31.07.2024 13:17
2.5k+

Ýaponiýanyň öňdeligi we “hamyla” türgen: Olimpiadanyň 4-nji gününiň esasy wakalary

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy dördünji ýaryş güni tamamlanandan soň Parižde dowam edýän Olimpiadanyň medal sanawynda öňdeligini saklady. 30-njy iýulda dzýudoçy Takanori Nagase 81 kg çenli agram derejesinde altyn...