Awstraliýaly Titmus 400 m aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy

  • 27.07.2021 13:36
  • 2k+

Awstraliýaly türgen Ariarne Titmus 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji bu aralygy 3 minut 56,59 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ikinji orny amerikaly Keti Ledeki (yza galyş – 0,67 sekunt) eýeledi. Üçünji orna hytaýly Li Binsze (+4,39) mynasyp boldy. 

20 ýaşly Titmus karýerasynda ilkinji Olimpiýa medalyny aldy. Onuň hasabynda dünýä çempionatlarynyň iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medaly bar. 
Ledeki 24 ýaşynda, ol bäş gezek Olimpiýa çempiony we 15 gezek dünýä çempionydyr. Amerikaly türgene 2016-njy ýyldaky Olimpiadada goýlan 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde häzirki dünýä rekordy (3 minut 56,46 sekunt) degişli.
Olimpiýa oýunlarynda ýüzmek boýunça ýaryşlar 2-nji awgustda tamamlanar.


16.01.2026 12:24
2.9k+

Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy

"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy...

10.01.2026 11:13
1.5k+

Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler

Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy...

24.10.2025 16:52
7.8k+

Awstraliýada Olimpiada-2032 üçin krokodilli derýa saýlandy

Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndaky krokodilli Fisroý derýasy Olimpiada-2032-niň milli guramaçylyk komiteti tarapyndan ýeňil gaýykda we kanoede kürekleme boýunça ýaryşlaryň geçiriljek ýeri hökmünde tassyklandy. Awstraliýanyň ýaýlym korporasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşlary Rokgempton şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär...

16.03.2025 15:02
1.8k+

Formula-1 başlady: “Maklarenden” Norris Awstraliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklarenden” britaniýaly Lando Norris Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Melburnda ýagyşly howada geçirilen ýaryş “Formula-1-iň” täze möwsümine badalga berdi. Norris ýaryşa öňdäki orundan başlady. Ol “Red...