BMG-niň Baş Assambleýasy sentýabr aýynda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler

  • 25.07.2021 01:03
  • 4.4k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň (BA) sentýabr aýynda ýokary derejeli hepdesi her ýurtdan dört wekiliň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz geçiriler. Bu barada BMG-niň BA-nyň 75-nji sessiýasynyň başlygy Wolkan Bozkyryň resmi däl maglumat hatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Nýu-Ýorkdaky koronawirus bilen bagly ýagdaýyň gowulaşandygy üçin, başlyk Baş Assambleýanyň zalynda mümkin bolan adam sanyny her ýurtdan bir adamdan 1+1 wekiliýete, ýokary derejeli hepde üçin – 1+3 wekiliýete çenli köpeltmek kararyna geldi” – diýlip, hatda bellenilýär.

Şeýle-de, resminamada özüniň wekiliýetini Nýu-Ýorka iberip bilmeýän ýurtlar üçin wideo çykyşlarynyň mümkin boljakdygy aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, BA-nyň başlygynyň ýokary derejeli hepdäni ýüzbe-ýüz geçirmek üçin işjeň goldaw bermegi netijesinde “BMG agza ýurtlar umumy syýasy çykyşlara gatnaşmak derejelerini özleri kesgitläp bilerler”. Başlygyň hatynda ýurtlaryň wekilleriniň BMG-niň ştab-kwartirasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip biljekdigi, munuň üçin Bütindünýä guramasynyň aýry otaglary berjekdigi hem bellenilýär.
Baş Assambleýanyň umumy syýasy çykyşlary sentýabryň soňky hepdesinde geçirilýär.


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......