Döwlet gullugy akademiýasy Milli Geňeşiň agzalary üçin ýörite okuwlary gurar

  • 24.07.2021 19:33
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda gysga möhletli okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Bu barada 23-nji iýulda Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda türkmen Liderine hasabat berildi.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 8-nji fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Milli Geňeşiň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin gysga möhletli okuwlary guramak meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet gullukçylarynyň etikasyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalaryny berk berjaý etmelidirler. Şeýle hem her bir gullukçynyň watansöýüjilik, halallyk, işe jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly häsiýetleri özünde jemlemek bilen, nusgalyk görelde bolmalydygy bellenildi.

düýn 20:48
720

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......

düýn 20:32
3.3k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

düýn 17:31
650

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

düýn 13:03
3k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....