Dünýäniň iň meşhur mobil goşundysy yglan edildi

  • 24.07.2021 00:43
  • 10k+

Android üçin «YouTube» goşundysynyň häzire çenli jemi 10 milliarddan gowrak gezek ýüklenip alnandygy belli boldy. Bu bolsa ony dünýäniň iň meşhur mobil programmasyna öwürdi diýip, ferra.ru habar berdi.

Umuman alnanda, goşundyny ýükläp alýanlaryň sany tutuş dünýä ilatyndan hem artyk gelýär: Ýer ýüzünde häzirki wagtda, takmynan 7,9 milliard adam ýaşaýar. Elbetde, bu statistika adamlaryň telefonlaryny çalşyp, “YouTube”-y täze telefonyna ýükleýändigi bilen düşündirilýär. Şeýle-de bolsa, bu juda uly görkeziji hasaplanýar. Şeýle hem, “YouTube”-yň üstünlik gazanmagy onuň Hytaýdan daşarda satylan modelleriň köpüsinde elýeterli bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, häzirki wagtda dünýäde işjeň ýagdaýda bary-ýogy 3 milliarddan gowrak Android enjamynyň bardygyny belläp geçmek dogry bolar.

düýn 23:12
1.5k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.9k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......