Nikkei: Apple 2022-nji ýylda 5G götermeýän iPhone-laryň önümçiligini bes eder

  • 22.07.2021 20:32
  • 5.9k+

2022-nji ýylda çykaryljak iPhone smartfonlarynyň ähli modelleri 5G ulgamyny göterer diýip, “Nikkei” gazeti habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, Apple 4G ulgamly modelleri çykarmagyny bes eder diýip, kommersant.ru belleýär.

Mundan başga-da, amerikan kompaniýasy indiki ýyl iPhone mini smartfonuny täzelemez. Kompaniýa kiçi ekranly gajetiň alyjylar üçin ýörgünli bolmadygyna göz ýetirdi. 
Oňa derek kompaniýa 5G ulgamyny göterýän iPhone SE-niň täzelenen görnüşini çykarmakçy bolýar. Bu smartfonuň çykarylmagy 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär diýip, gazet ýazýar. Ol öndürijiligi bilen tapawutlanýan Apple tarapyndan işlenip düzülen A15 prosessory bilen işlär, 5G ulgamyna birikmek bolsa Qualcomm X60 modem çipiniň kömegi bilen üpjün ediler.

“Öňki SE modelleri ýaly, kompaniýanyň arzan iPhone 5G smartfony iPhone 8-iň täzelenen görnüşi ýaly bolup, kämil OLED-ekranyna däl-de, 4,7 dýuým suwuk kristal displeýine eýe bolar” – diýip, gazetiň çeşmeleri belleýär. Neşir Apple kompaniýasynyň OLED-ekranlaryny diňe geçen ýyl çykarylan ilkinji 5G hatary – iPhone 12 üçin ulanandygyny ýatladýar.

Kompaniýa göz öňünde tutulýan täze önümler barada teswir bermekden saklandy.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......