Ýaponiýa Olimpiadany geçirmek üçin näçe serişde sarp etdi?

  • 21.07.2021 01:40
  • 7.8k+

Tokio-2020 oýunlaryny geçirmek üçin Ýaponiýanyň näçe möçberde serişde sarp edendigi mälim boldy. Oýunlaryň Guramaçylyk komitetiniň Baş sekretary Tosiro Muto Olimpiadany guramak üçin ýurduň 15,4 milliard dollar serişde sarp edendigini aýtdy.

«Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin Ýaponiýanyň we Tokionyň Hökümetiniň çykdajysy umumylykda 15,4 millard dollara deň boldy» diýip, HOK-nyň 138-nji mejlisinde Muto aýtdy. Şeýle-de pandemiýa sebäpli yza süýşürilendigi üçin ol oýunlaryň býujetiniň üýtgändigini belledi. Olimpiadany geçirmek üçin howpsuz gurşawy döretmek maksady bilen, goşmaça 900 million dollar sarp edildi.  
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bolsa ýurduň pandemiýa şertlerinde howpsuz Olimpiadany geçirip biljekdigini dünýä ýüzüne subut etmegiň möhümligi baradaky çagyryş bilen çykyş etdi. 
«Dünýä ýüzi uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Muňa garamazdan, biz oýunlary üstünlikli geçirip bileris. Ýaponiýa muny tutuş dünýä görkezmeli. Biz ýurduň ýaşaýjylarynyň saglygyny we howpsuzlygyny gorarys.
Pandemiýa sebäpli Olimpiýa oýunlaryna çenli geçilen ýol Ýaponiýa üçin kyn boldy. Käwagtlar biz başgaça ugurlardan hereket etdik. Ýöne sanjymlaşdyrma başlandy, ahyrsoňy biz uzyn tunnelden çykalgany görýäris» diýip, Premýer-ministr Tokioda Halkara Olimpiýa komitetiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.


15.10.2025 13:11
2.8k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

22.09.2025 10:41
1.7k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy...

05.05.2025 15:19
5.4k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

06.04.2025 16:09
2k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...