Ýaponiýanyň Imperatory Tokio-2020-niň açylyş dabarasyna gatnaşar

  • 21.07.2021 01:36
  • 4.7k+

23-nji iýulda badalga aljak tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito gatnaşar. Bu barada Kyodo agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, koronawirusa garşy göreşmek bilen bagly tomaşaçylaryň sanyna girizilen çäklendirmeler sebäpli, açylyş dabarasyna Imperator bilen bilelikde onuň ýanýoldaşy gatnaşmaz. Oýunlaryň açylyşyna diňe ýokary wezipeli adamlar — wekiliýetleriň agzalary, döwletleriň wekilleri hem-de hemaýatkärler gatnaşar. 
Açylyş dabarasynyň öň ýanynda Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah Imperator tarapyndan kabul ediler. Açylyş dabarasynyň geçirilýän gününde Naruhito döwlet Baştutanlary bilen hem duşuşar.


05.05.2025 15:19
4.9k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

11.04.2025 16:52
5.3k+

Olimpiada-2028-däki futbol ýaryşynda erkekler topary az, zenanlar topary köp bolar

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-e gatnaşjak futbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň sanyny azaltdy. Bu barada HOK-yň sport direktory Kit Makkonnell habar berdi. Ýaryşda öňki...

06.04.2025 16:09
1.9k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...

24.03.2025 11:03
2.4k+

Boks Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna gaýdyp geldi

Boks 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna resmi taýdan goşuldy. Çözgüt Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Kosta-Nawarinoda (Gresiýa) geçirilen 144-nji sessiýasynda...