Kyodo: Tokiodaky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna müňden az myhman kabul ediler

  • 16.07.2021 10:24
  • 4.3k+

Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp biljek ýokary derejeli myhmanlaryň sany koronawirusyň ýaýramagy sebäpli ep-esli azaldylar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Agentlik guramaçylaryň açylyş dabarasyna Olimpiadanyň guramaçylygy bilen baglanyşykly müňden hem az adamy tomaşaçy hökmünde kabul etmegi meýilleşdirýändiklerini belleýär. Öň ýerli häkimiýetler Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyny ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ýönekeý tomaşaçylar bolmazdan geçirmek baradaky karara geldiler, olara diňe daşary ýurtlardan ýokary wezipeli adamlary hem-de sport çäreleriniň guramaçylygy bilen bagly adamlary goýbermek meýilleşdirilýär. Şeýle tomaşaçylaryň sany 10 müň töweregi bolar diýlip çak edilipdi, ýöne guramaçylar bu sany ep-esli azaltmakçy bolýarlar.
Tokiodaky Olimpiada 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgusty aralygynda geçirilmelidi. Pandemiýa sebäpli ýaryşlar bir ýyl yza süýşürildi. Indi olar 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler. Guramaçylar Oýunlary daşary ýurt janköýerleri bolmazdan geçirmek kararyna geldiler, ýerli ýaşaýjylar hem Ýaponiýanyň alty prefekturasyndaky, şol sanda Tokiodaky olimpiýa çärelerine goýberilmez.


15.10.2025 13:11
2.8k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

22.09.2025 10:41
1.7k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy...

05.05.2025 15:19
5.4k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

06.04.2025 16:09
2k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...