Audi 2033-nji ýyla çenli benzin hereketlendirijilerinden doly ýüz öwrer

  • 14.07.2021 14:21
  • 6.4k+

“Audi” nemes kompaniýasy adaty hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiliginden doly derejede ýüz öwürjek senesini belli etdi. Eýýäm 2026-njy ýyldan başlap, Audi-niň täze modelleriniň ählisi diňe elektrik hereketlendirijileri bilen çykar. Ýöne bar bolan awtomobiller häzirlikçe benzin enjamlary bilen çykarylar. Bu hem 2033-nji ýyla çenli dowam etdiriler. Sebäbi içerki ýangyç hereketlendirijileri bolan awtoulaglaryň önümçiligini doly derejede bes etmek hut şu ýyla meýilleşdirilýär diýip, autopeople.ru habar berýär.

Öň, Audi-niň müdirler geňeşiniň başlygy Markus Dýusman kompaniýanyň indi täze benzin we dizel hereketlendirijilerini öndürmeýändigini aýtdy. Hünärmenler brendiň hatarynda eýýäm bar bolan hereketlendirijileri kämilleşdirmäge üns bererler.
Bäş ýyldan kompaniýa nusgawy hereketlendirijisi bolan iň soňky täze awtoulagy hödürlär, şu seneden soň çykjak ähli awtoulaglar diňe elektrik gurluşyna eýe bolar. Häzirki wagtda Audi hatarynda üç elektrik modeli bar: e-tron we Q4 e-tron krossowerleri, şeýle-de e-tron GT sedany.
“Audi” birnäçe ýylyň içinde elektrokarlaryň önümçiligine doly geçjek ýeke-täk kompaniýa däldir. Öň, şeýle maksat barada “Jaguar”, “Volvo”, “Ford” (ýewropa bazarynda), şeýle-de General Motors habar beripdi.

05.06.2026 18:16
4.9k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

05.06.2026 15:49
3.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

05.06.2026 00:37
7.3k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 19:03
7.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......