Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda alty gaz ýatagynda ýerüsti desgalaryny gurar

  • 15.07.2021 09:14
  • 11k+

CNPC korporasiýasynyň bir bölegi bolan China Petroleum Engineering Construction hytaý kompaniýasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki alty gaz ýatagynda ýerüsti desgalary taslamak we gurmak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy diýip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň toplumynyň saýtynda habar berilýär. Muny ORIENT ýetirýär.

Taslamanyň çäginde Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklaryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.
Ýataklarda 22 guýy, 4 gaz ýygnaýjy stansiýa, turbageçirijiler, inžener-tehniki üpjünçilik, şol sanda elektrik üpjünçiligi we suw üpjünçiligi ulgamlary, şeýle-de beýleki önümçilik infrastruktura desgalary gurlar.
Täze ýataklaryň umumy taslama kuwwaty ýylda 1,8 mlrd kub metr gaza barabar bolar.
Häzirki wagtda China Petroleum Engineering Construction “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň gündogarynda ýerleşýän Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda ýerüsti desgalaryny gurýar. 


12.12.2025 16:33
4.6k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...

15.11.2025 09:34
7.2k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.4k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...