GAR-da tapylan seýrek duş gelýän mawy reňkli almaz $40 milliona satyldy

  • 14.07.2021 12:29
  • 9.1k+

Agramy 39,3 karat bolan seýrek duş gelýän gök reňkli almaz Günorta Afrikanyň Petra Diamonds dag-magdan gazyp alyjy kompaniýasy tarapyndan 40 mln dollara satyldy. Bu barada TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.

Bu daş dünýäniň gymmat bahaly daşlarynyň bazarynyň häzirkizaman taryhynda satylan iň gymmat işlenilmedik almazlaryň biri boldy. Sebäbi onuň her bir karaty üçin 1 mln dollardan gowrak tölendi diýip, agentlik belleýär. Almaz De Beers bilen Diacore kompaniýalarynyň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan satyn alyndy. Kompaniýalaryň soňkusy Şteýnmes telekeçi maşgalasyna degişlidir.
Gök almaz aprel aýynda Pretoriýadan 40 km gündogarda, GAR-yň demirgazyk-gündogaryndaky “Kullinan” ýerasty şahtasyndan alyndy. 1905-nji ýylda agramy 3106 karat (621,35 gram) bolan dünýädäki iň uly almaz hem hut şu şahtada tapylypdy. Bu almaz “Kullinan” ýa-da “Afrikanyň ýyldyzy” ady bilen bellidir. Ony Transwaal koloniýasynyň hökümeti gollandiýaly zergärlere granlamagy tabşyran britan monarhy Eduard VII-ä hödürledi. Netijede, arassa we ak-gök reňkli daş dokuz bölege bölündi. Bu partiýadan iň uly almaz bolan 530 karat agramly “Kullinan-1” Londonyň Tauer galasynda saklanýan britan şa skipetrine goýuldy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Dünýäde ululygy boýunça taryhda üçünji almaz tapyldy

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......