В Ботсване обнаружили третий в истории по величине алмаз в мире

  • 13.07.2021 15:17
  • 13k+

Dünýäde ululygy boýunça üçünji almaz Botswanada tapyldy. Frans Press agentliginiň habar bermegine görä, onuň agramy 1 174 karata barabar. Ol diňe XX asyryň başynda tapylan, agramy 3 106 karat bolan Günorta Afrikanyň “Kullinanyndan” hem-de 2019-njy ýylda Karowe şahtasyndan tapylan 1 758 karat agramly “Sewelodan” (setswana dilinde “seýrek tapyndy”) yza galýar diýip, www.1sn.ru belleýär.

Özboluşly almaz, aslynda, şahtanyň eýesi bolan Kanadanyň Lucara Diamond Corp. kompaniýasy tarapyndan 12-nji iýunda tapyldy, ýöne çarşenbe güni ol Botswana hökümetine resmi taýdan hödürlendi.

“Bu biziň we Botswana üçin hem taryhy tapyndy” – diýip, kompaniýanyň baş direktory Nasim Lahri tanyşdyrylyş dabarasynda belledi.

Bu almaz ululygy boýunça 1-nji iýunda Botswananyň Debswana kompaniýasy tarapyndan tapylan 1 098 karat agramly daşdan birneme geçýär.
Botswana Afrikada iň uly we dünýäde Russiýadan soň ikinji almaz öndürijidir. 2019-njy ýylda Afrika ýurdy 3,43 mlrd dollarlyk 23,6 mln karat almaz gazyp aldy. Botswananyň paýtagty Gaborone dünýäniň iň möhüm we iň uly almaz merkezleriniň biri diýen derejä eýedir.
Dünýädäki iň uly almaz bolan “Kullinan” 1905-nji ýylda Pretoriýanyň golaýyndaky şahtada tapyldy. Ondan birnäçe göwher ýasaldy, olaryň biri britan monarhlarynyň skipetrini bezeýär.


сегодня 00:03
749

Даже Великая Китайская стена: 80% объектов Всемирного наследия ЮНЕСКО под угрозой из-за изменения климата

Согласно исследованию ЮНЕСКО 2025 года, 80% объектов Всемирного наследия находятся под климатическим стрессом....

вчера 23:26
866

​В Турции раскопали двухметровую статую Афины Паллады

​В ходе археологических раскопок в античном городе Лаодикея на юго-западе Турции была найдена двухметровая мраморная статуя древнегреческой богини Афины. Министр культуры и туризма Мехмет Нури Эрсой сообщил,......

вчера 23:20
416

Премьеру «Мумии 4» перенесли на более ранний срок

Компания Universal Pictures изменила график будущих релизов. В частности, четвёртая часть «Мумии» выйдет раньше, чем планировалось....

вчера 23:15
653

15-летний кролик признан самым старым среди сородичей

Львиноголовый кролик по кличке Херби признан самым старым из ныне живущих кроликов. На момент фиксации рекорда ему было 15 лет и 82 дня, сообщается на сайте Книги рекордов Гиннесса....