Tokioda Olimpiada obasy işläp başlady

  • 14.07.2021 12:31
  • 4.8k+

Ýaponiýanyň paýtagtynyň çäginde Olimpiada obasy işläp başlady. Bu barada pandemiýa sebäpli obýektiň açylyş dabarasyny geçirmekden ýüz öwren Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Tokio aýlagynyň kenarynda ýerleşýän obanyň meýdany, takmynan, 44 gektara barabar. Ol Oýunlar wagtynda, takmynan, 3,8 müň ýaşaýyş jaýyny eýelejek 18 müň türgeniň we olimpiýa toparlarynyň beýleki agzalarynyň ýerleşmegi üçin niýetlenendir. Türgenler ýaryşlary başlamazdan bäş gün öň oba gelerler we tamamlanandan soň iki günüň içinde obadan gitmeli bolarlar. Guramaçylar, eger-de pälwanlar we tennisçiler ýaly beýleki türgenleriň türgenleşigini geçirmek üçin gerek bolsalar, käbir türgenlere galmak möhletini uzaltmaga rugsat berip bilerler. Mundan başga-da, Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralarynda Olimpiada gatnaşyjy ähli ýurtlaryň wekilleriniň bolmagyny üpjün etmek üçin galmaga rugsat berler.
Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin obada kesel alamaty bolan türgenleri barlamak üçin niýetlenen gije-gündiz işleýän aýratyn lukmançylyk bölümi bolar. Mundan başga-da, türgenler her gün kesel üçin barlag tabşyrmaly, gorag örtüklerini dakynmaly we sosial araçägi saklamaly bolarlar. 
Ýatlap geçsek, guramaçylar Oýunlary daşary ýurtly janköýerler bolmazdan geçirmek kararyna geldiler, ýerli ýaşaýjylar hem alty prefekturada, şol sanda Tokioda geçiriljek olimpiýa ýaryşlaryna goýberilmez.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


31.03.2026 07:17
2.5k+

19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana......

24.12.2025 13:21
8.1k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

25.11.2025 17:08
8.8k+

Türkmenistanly karateçi Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Meýlis Paşagulyýew "The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025" dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Maebasi şäherine ugrady...

15.10.2025 13:11
2.9k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...