Olimpiadany guraýjylar Tokiodaky stadionlary tomaşaçylar üçin ýapmak kararyna geldiler

Olimpiadany guraýjylar Tokiodaky stadionlary tomaşaçylar üçin ýapmak kararyna geldiler

Tokioda geçiriljek Olimpiadany guraýjylar Tokio, Kanagawa, Tiba we Saýtama prefekturalaryny öz içine alýan paýtagt sebitinde geçiriljek ýaryşlara ýerli tomaşaçylary goýbermezlik kararyna geldiler. Bu barada Kyodo agentligi habar berýär diýip, sportrbc.ru belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Oýunlary guraýjylar Miýagi, Fukusima, Ibaraki we Sidzuoka prefekturalarynda geçiriljek ýaryşlara ýerli tomaşaçylary goýbermeli diýen netijä geldiler. 
Olimpiadanyň ýaryşlarynyň köpüsi paýtagt sebitinde geçiriler. Miýagi we Ibaraki prefekturasynda käbir futbol oýunlary, Sidzuokada welotrek we mauntinbaýk (dag welosporty) boýunça ýaryşlar, Fukusimada bolsa beýsbol hem-de softbol boýunça ýaryşlar geçiriler.
Öň, guramaçylar daşary ýurtly janköýerleri münberlere goýbermekden boýun gaçyrypdylar.
Penşenbe güni Halkara olimpiýa komitetiniň, Halkara paralimpiýa komitetiniň, Ýaponiýanyň hökümetiniň, Tokionyň administrasiýasynyň we Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda mejlis geçirildi. Şondan soň bu karar barada resmi taýdan habar berildi. 
Penşenbe güni Ýaponiýanyň hökümeti Tokioda adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi, ol 12-nji iýuldan 22-nji awgust aralygynda hereket eder. Ýapon hökümeti Tokioda adatdan daşary ýagdaý düzgünini eýýäm dördünji gezek girizýär.