Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň düýbi tutular

  • 14.07.2021 09:20
  • 15k+

Raýat we ýük gatnawlarynyň gerimini giňeltmekde bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bir ugrudyr. Golaýda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze Halkara howa menzili ulanylmaga girizilipdi. Bu hakda TmCars.info öň habar beripdi. Şu gün hem şeýle şatlykly wakalaryň üstüni ýetirjek täze bir taslama badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbi tutuldy.

Bu halkara howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen. Sebit we dünýä ähmiýetli bu taslamanyň gurluşygy üç ýylyň dowamynda amala aşyrylar.
Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek ukyby bolan ýolagçy terminalynyň 3 gatly jaýy bolup, 1-nji gat – garaşylýan jaýy, ýerli we halkara gatnawlarynyň ýolagçylaryny, el-goşlaryny resmileşdirilýän jaýy öz içine alar. Ýerli we halkara gatnawlaryň resmileşdirilýän jaýlary öz aralarynda aýnaly diwar bilen bölüner. Halkara gatnawlaryň ýolagçylarynyň resmileşdirilýän jaýy – immigrasion, serhet, sanitar-epidemiologiki we gümrük  gulluklaryň işlerini guramak üçin niýetlenen ähli zerur bolan enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Garaşylýan jaýynda ýolagçylar üçin ähli amatlylyklary bolan şertler dörediler.
Ýük terminalynyň ýyldaky ýük geçirijiligi ýylda  200 tonna barabar bolar. Bu ýerde 2 bölekden ybarat bolan germewli we wideo gözegçiligi alnyp barylýan ýük ammary göz öňünde tutulýar.
Täze Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy  3200 metr, ini 60metr bolar. 
Ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, I gatda hasaba alyş bölümi ýerleşer. Ol 60 orundan az bolmadyk möçbere niýetlenen. Uçuşlar üçin garaşylýan zal 330 orunlyk bolar.    
Howa gämilerine gadagan edilen enjamlar üçin gözegçilik nokady göz öňünde tutulýar.
 VIP, CIP we resmi delegatlary garşy almak we ugratmak üçin ähli wajyp enjamlar bilen enjamlaşdyrylan aýratyn zallar hem göz öňünde tutulýar. Seplenen gatnawlaryň ekipažlary üçin 20 orunlyk myhmanhana hem bolar. Bu bu halkara howa menzilinde 4 sany uçar duralgasy, 4 sany dikuçar duralgasy bolar.


22.04.2026 14:54
3.3k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......

22.04.2026 14:35
7.4k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......

22.04.2026 14:28
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak......

05.04.2026 10:18
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki metjidiň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda 30 müň adama niýetlenen metjidiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada 4-nji aprelde «Watan» habarlar......