Türkmenistanda Kerki şäherinde halkara howa menzili açyldy

  • 23.06.2021 19:58
  • 35k+

Şu gün, 23-nji iýunda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze halkara howa menzili ulanmaga berildi. Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen Lideri açylyş dabarasynyň çäklerinde howa menzili bilen tanyşdy, onuň ýolagçy terminaly, CIP zalyna we beýleki bölümlerine baryp gördi.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolan howa menzili birbada 2 sany uly uçary hem-de 4 sany dikuçary kabul edip bilýär. Howa menziliniň halkara derejesine eýe bolmagy onuň demirgazyk böleginde Özbegistanyň, günorta böleginde Owganystanyň ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmagy boýunça howa menziliniň gurluşygyny  «Gündogdy» hususy kärhanasy amala aşyrdy.
Howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, umumy meýdany 2,2 müň inedördül metre barabardyr. Dispetçer diňiniň beýikligi 31,7 metrdir.
Uçuş zalynda ýolagçylaryň ygtyýarynda naharhana, eneler we çagalar üçin otag we namaz otagy bar. Şeýle hem, wekiliýet we ýolagçylar üçin CIP hyzmat meýdany bar.

Fiziki taýdan kemçilikleri bolan adamlar üçin bosagasyz amatly geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.
Howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 2700 metre, ini 45 metre deňdir. Ol signal, radiotehnika we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Howa menziliniň meýdany 42,3 müň inedördül metre deňdir. Onuň düzüminde halaş ediş we ýangyn howpsuzlyk gullugy, ýörite ulaglar üçin garaž, birnäçe transformator podstansiýalary we beýleki kömekçi desgalary bar.
Kerki şäherindäki täze halkara howa menzili ýurdumyzyň gündogar sebitiniň howa ýükleriniň we ýolagçy gatnawynyň has-da güýçlenmegine itergi berer diýlip garaşylýar.

düýn 20:52
2.2k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.9k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.2k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 14:43
1.6k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......