Ýere şäher ululygyndaky asteroidleriň gaçandygy anyklanyldy

  • 14.07.2021 12:15
  • 19k+

Alymlar ir döwürlerde Ýere ululy-kiçili jisimler gaçypdyr diýip çaklaýarlar. Indi bolsa olar planeta gaçan käbir asteroidleriň häzirki zaman şäherleriniň ululygynda bolan bolmagynyň mümkindigini anykladylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Gynansagam, Ýerde del jisimler bilen çaknyşmagyň krater görnüşindäki yzlary ýok diýen ýaly. Olar plitalaryň hereketi we atmosfera hadysalary sebäpli ýitip gidýärler. Şeýle-de bolsa, käbir dag jynslarynda çaknyşma alamatlary saklanyp galypdyr.
Bu alamatlar alymlara täze urgy akymynyň modelini döretmäge kömek etdi. Barlagçylar 3,5-2,5 milliard ýyl ozal Ýere del jisimleriň ozal pikir edişinden 10 esse köp düşen bolmagy mümkin diýen karara geldiler. Aýdylmagyna görä, olaryň käbiri has ullakan bolupdyr. Umuman alanyňda planetamyza, ortaça, her 15 million ýyldan uly asteroidler gaçýar diýip, alymlar pikir edýärler.


13.02.2026 23:10
5.9k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...

10.02.2026 09:48
2k+

Ýapon alymlary wolframdan 3D çap etmegiň täze usulyny işläp düzdüler

Hirosima uniwersitetiniň alymlary iň gaty senagat materiallarynyň biri bolan wolfram-kobalt karbidinden (WC-Co) dürli önümleri 3D çap etmegiň innowasion usulyny tapdylar. Täze tehnologiýa materialy doly eretmän, ony diňe ýumşatmak arkaly işleýär...

05.02.2026 02:03
2.8k+

Ýupiter «garnyny çekdi»: iň uly planeta ozal hasaplanyşyndan kiçi bolup çykdy

Gün ulgamynyň iň uly planetasy bolan Ýupiter soňky 50 ýylyň dowamynda kabul edilen ölçeglerinden birneme kiçi we polýuslarda has gysby bolup çykdy. Bu netijä Ysraýylyň Weýsman ylmy instituty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halkara alymlar topary NASA-nyň Juno zondundan alnan maglumatlary seljermek arkaly geldiler...

01.02.2026 23:09
2.4k+

Ýaponiýaly alymlar ultrases barlagynda suwuk geliň deregine polimer ýassyk döretdiler

Ýaponiýanyň Kindaý uniwersitetiniň hünärmenleri ultrases barlaglarynda (UZI) adaty geliň deregine ulanyp boljak polimer "ýassygy" döretdiler. Bu täzelik barada "Scientific Reports" ylmy žurnalynda makala çap edildi...