Türkmen diplomaty Kuweýtiň Premýer-ministrine ynanç hatyny gowşurdy

  • 10.07.2021 17:24
  • 11k+

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada mfa.gov.tm saýtynda habar berildi.

Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirilen çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Premýer-ministr Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabah, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we rowaçlyklar baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de kuweýt tarapynyň sebit we halkara gün tertibinde durýan wezipeleri çözmekde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....