Türkmenistanyň ilçisi Polşanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 09.07.2021 09:38
  • 5.1k+

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň «Belweder» köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada mfa.gov.tm saýtynda maglumat berilýär.

Dabaranyň dowamynda türkmen diplomaty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan aýdylan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi sorady.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda nota alyşmak esasynda ýola goýuldy.


şu gün 15:39
434

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.7k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....