Çereşnýanyň peýdasy barada bilýärsiňizmi?

  • 09.07.2021 12:59
  • 13k+

«Women's Health» neşiri çereşnýanyň peýdasyna bagyşlanan täze materialy çap etdi. Dietologlaryň sözlerine salgylanyp, ony adamyň ýadyny gowulandyrmaga ýardam edýän ir-iýmiş diýip atlandyrmak bolar.

Çereşnýanyň peýdaly taraplarynyň sanawyna onuň ýygyrtlaryň döremeginiň öňüni almak häsiýetini girizdiler. С witaminine we beýleki antioksidantlara baý düzüminiň hasabyna ol bedendäki sowuklama we okislenme dartgynlylygyna garşy göreşmäge kömek edýär.

«Öýjük derejesinde okislenme dartgynlylygy — munuň özi öýjüklere we DNK zeper ýetirýän hadysadyr» diýip, iýmitlenme we saglyk boýunça bilermen, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Samanta Kassetti aýdýar.

Şeýle-de çereşnýany onkologiýa keselleriniň döremek howpuny azaldýan ir-iýmiş hökmünde kesgitlediler. Munuň sebäbi bolsa çereşnýanyň düzüminde düwnük keseline garşy effekt bilen baglanyşygy bolan polifenollaryň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Şular bilen birlikde, çereşnýanyň gan basyşy peseltmäge, akyl başarnyklarynyň yza gaýtmak hadysasyny haýallatmaga, beýniniň we ýadyň funksiýalaryny gowulandyrmaga ýardam edýändigi ýüze çykaryldy.

düýn 23:10
1.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.7k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.4k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....