Hazaryň kenarynda köpugurly hassahana bina edilýär

  • 07.07.2021 11:48
  • 7k+

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurluşygy alnyp barylýan 400 orunlyk köpugurly hassahana sebitiň lukmançylyk merkezleriniň üstüni ýetirer. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek işleri ýokary derejede ýola goýlar.

Täze gurulýan hassahananyň birinji gatynda kabul ediş, «Tiz kömek» bölümleri, fizioterapiýa, stomatologiýa, gemodializ, himioterapiýa otaglary bolup, olarda dürli lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. Şeýle hem bu ýerde pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Hassahanada çaga dogruş bölümi, 200 orunlyk maslahatlar zaly hem ýerleşer. Täze lukmançylyk toplumy ýokary halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylar. Bular barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-njy iýulda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde aýdyldy.


düýn 17:48
5.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

16.05.2026 17:22
5.5k+

25-nji maýdan Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 2026-njy ýylyň 25-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawynyň başlanjakdygyny mälim etdi. Täze ugur tomus möwsüminde raýatlaryň Hazar......

03.05.2026 14:32
15k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
7.1k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......