Italiýa Ispaniýany ýeňip, Ýewro-2020-niň finalyna çykdy

  • 07.07.2021 03:28
  • 8.1k+

Ýewropa çempionaty - 2020-niň ýarym final duşuşygynda Italiýanyň milli ýygyndysy Ispaniýa bilen duşuşdy. Duşuşyk Londondaky «Uembli» stadionynda geçirilip, italiýalylar 11 metrlik urgular boýunça 4:2 hasap bilen ýeňiş gazandy. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň 60-njy minudynda italýan toparyndan Federiko Kýezo hasaby açdy. Oýna soň giren Alwaro Morato bolsa, 80-nji minutda hasaby deňledi. Penalti tapgyrynda Italiýanyň ýygyndysy üstün çykdy.
Şeýlelikde, Italiýa Ýewro-2020-niň finalyna çykdy. Final duşuşygynda ol Angliýa - Daniýa jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşar.


şu gün 19:10
2.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
5.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....