AstraZeneca koronawirusa garşy täze sanjymy synag edýär

  • 07.07.2021 03:15
  • 2.3k+

AstraZeneca şwed-britan farmasewtiki kompaniýasy koronawirusyň günorta afrika ştamyna garşy sanjymy synag edip başlandygyny habar berdi. Bu baradaky maglumaty gazeta.ru saýtyna salgylanyp, news.day.az ýetirýär.

         Täze serişdäniň synagdan geçirilişine Beýik Britaniýanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Braziliýanyň we Polşanyň 2 müň 250 raýaty gatnaşar. AZD2816 adyny alan derman serişdesi ilkinji gezek Günorta Afrikada ýüze çykarylan koronawirusyň «beta» görnüşine garşy göreşmek üçin niýetlenendir. Sanjym edilmedik we sanjym alan adamlary hem synagdan geçirmek onuň esasy maksadydyr. Mundan başga-da, AZD2816 sanjymyny AstraZeneca ady bilen ozal belli bolan sanjymyň ikinji düzüm bölegi hökmünde ulanmak meýilleşdirilýär.

         Farmasewtika kompaniýasy synaglaryň netijeleriniň şu ýylyň ahyryna çenli boljakdygyny çaklaýar. Eger oňat netije görkezse, AZD2816 sanjymyny halkara we milli ugrukdyryjylaryň baha bermekleri üçin geçirerler.


18.01.2026 11:41
2.5k+

AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar

Britaniýa-şwed derman senagaty ägirdi bolan AstraZeneca, emeli aň (EA) ulgamynda işleýän Amerikanyň Modella AI startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu ylalaşyk rak keselini bejermek üçin niýetlenen dermanlaryň döredilme döwrüni gysgaltmaga gönükdirilendir...

23.05.2025 12:05
2.2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.8k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.5k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...