Eýran käbir ýurtlardan syýahatçylary çekmegi meýilleşdirýär

  • 07.07.2021 03:13
  • 5.6k+

Häzirki wagtda Eýran üçin dört topar boýunça 30 ýurt syýahatçylyk maksatly ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi. Bu barada Eýranyň Medeni miras, hünärmentçilik we syýahatçylyk ministrliginiň daşarky syýahatçylygy ösdürmek boýunça baş direktory Leýla Aždariniň sözlerine salgylanyp, trend.az habar berýär.

         Ol Hytaýy, Yragy, Azerbaýjany, Türkiýäni we Omany syýahatçylary çekmek üçin Eýranyň ilkinji ileri tutýan ýurtlary hökmünde görkezdi. «Owganystan, Hindistan, Pakistan we Russiýa hem syýahatçylyk maksatly ýurtlaryň ikinji toparyna girdi» diýip, ol aýtdy. Syýahatçylygy ösdürmek üçin goňşuçylyk, umumy serhetler we ýakynlyk esasy şertlerdir. «Hindistan biziň goňşymyz bolmasa-da, taryhy we medeni ýakynlyk bu ýurdy ileri tutulýan ilkinji döwlete öwürýär» diýip, Aždari belledi we umumy hem-de dürli görnüşli bazarlaryň bolmagy ýa-da Hytaý we Russiýa ýaly syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklar strategik derejede bolan ýurtlaryň hem syýahatçylygy ösdürmek boýunça Eýranyň görkezijilerine laýyk gelýändigini nygtady.

Onuň sözlerine görä, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Katar, Kuweýt, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Gazagystan we Birleşen Arap Emirlikleri syýahatçylyk maksatly ýurtlaryň üçünji toparynyň sanawyna girdi. Dördünji topara bolsa Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Şwesiýa, Awstriýa, Malaýziýa, Niderlandlar, Gruziýa, Belgiýa, Daniýa we Liwan ýaly ýurtlar girizildi.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....